1989-njy ýylyň oktýabr aýynyň 18-ne 22 sany dörediji paýçylaryň paýlary esasynda "Senagat" täjirçilik banky ady bilen döredildi. Ol Türkmenistanda döredilen ilkinji täjirçilik banklaryň biridir.
Bankyň döredilmeginiň esasy maksady Türkmenistanda täjirçilik we önümçilik işi bilen meşgullanýan telekeçileri we hususy kärhanalary ösdürmeklige ýardam bermek bolup durdy.
Hut şol günden başlap bank özbaşdak balansy, möhüri, borçlary, borçnamalary, hukuklary esasynda işini ýola goýdy.
1989-njy ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne "Senagat" täjirçilik bankynyň Tertipnamasy tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen, 1991-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-ne esaslandyryjylaryň ýygnagynyň çözgüdi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 1992-nji ýylyň iýun aýynyň 9-daky 3 belgili ygtyýarnamasy esasynda "Senagat" täjirçilik banky, "Senagat" paýdarlar täjirçilik bankyna öwrildi. Bank açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolmak bilen, özüniň gymmat bahaly kagyzlaryny - paýnamalaryny çykaryp, açyk görnüşinde ýerleşdirip başlady.
Häzirki döwürde, Türkmenistanyň "Senagat" PTB-y açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, Türkmenistanyň "Karz edaralary we bank işi hakynda", "Paýdarlar jemgyýeti hakynda" kanunlaryna we beýleki kanun çykaryjy namalaryna we Bankyň Tertipnamasyna laýyklykda öz işini alyp barýar.
Bankyň jemi 13 sany şahamçasy bolup, olardan 9-y welaýat merkezinde, 2-si Aşgabat şäherinde, 2 sanysy bolsa Balkan welaýatynyň Serdar we Türkmenbaşy şäherlerinde, bulardan başga-da 1 sany bank gullugy – Daşoguz welaýatynyň Gubadag şäherinde müşderilere hyzmat edýär. Bankyň hyzmat edýän müşderileriniň esasy bölegi fiziki taraplar we hususy telekeçilerden ybaratdyr.
Türkmenistanyň "Senagat" paýdarlar täjirçilik banky döredilen gününden bäri ýönekeý atly paýnamalaryň 21 sany göýberilişden ybarat bolup, bu paýnamalar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellige alyndy.
Paýnama satyn alan paýdarlaryň sany ýyl geldigiçe artýar. Bankyň paýdarlarynyň sany 1991-nji ýylda 22-ä barabar bolan bolsa, şu gün paýdarlaryň sany 2 000-den hem artdy.
Türkmenistanyň "Senagat" paýdarlar täjircilik banky öz hususy serişdelerini peýdaly ulanmak maksady bilen, şu aşakdaky paýdarlar jemgyýetleriniň esaslyk maýasynda paýdar gatnaşyjysy hökümünde şu paýlara eýedir: