“Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-ne Týrkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan bellige alyndy.
Kärhananyň esaslandyryjylary - Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we "Röwşen" hususy kärhanasy.
"Mary deri-aýakgap" AGPJ-niň işinde, esasan, maldarçylyk pudagynyň tebigy aýratynlyklary bolan derilerden işlenip taýýarlanan ýokary hilli gön önümleri öndürilýär.
Önümçilik kärhanasynyň gön önümleridir aýakgaplary hil taýdan berkligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, eýýäm gysga döwrüň içinde türkmen sarp edijileri tarapyndan uly islege eýe boldy. Okuwçylar üçin niýetlenen aýakgaplar "Röwşen" HK- nyň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatda hem-de ýurduň welaýat merkezlerinde ýerleşýän dükanlarynda, şeýle-de täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan mekdep ýarmarkalarynda alyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Taýýar gön önümleriniň şertnama esasynda Türkmenistanyň harby edaralarynyň kärhanalaryna we Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän "Türkmen-Kalkan" aýakgap kärhanasyna, şeýle-de Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumyna ugradylýandygyny bellemek gerek.
Häzirki wagtda bu ýerde 300 töweregi tejribeli hünärmenler işleýär. Önümçilik çygrynyň barha giňeldilmegi netijesinde, kärhanada täze bölümler açylýar we iş orunlary döredilýär.
"Mary deri-aýakgap" AGPJ-de arassa deriden öndürilýän, aýaga rahatlygy, ykjamlygy, berkligi we daşary ýurtlardan getirilip satuwa çykarylýan aýakgaplardan arzanlygy bilen tapawutlanýar.