TOP
+993 (12) 46 86 05; +993 (12) 46 86 27

Türkmenistanyň “Halkbank” açyk görnüşli paýdarlar täjirçilik banky hakynda umumy maglumat.

Türkmenistanyň "Halkbank" Paýdarlar täjirçilik banky açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, özbaşdak karz edarasy hökmünde bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň "Halkbank" Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-nden berilen 1-18-33-1 belgili "Bank amallaryny amala aşyrmaklyga" ygtyýarnamasy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-ne berilen PJ-126500000/1113 belgili "Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysynyň Şahadatnamasy" esasynda bank amallaryny ýerine ýetirýär.

Bankyň salgysy: 744013 Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolynyň 154-nji jaýy.

Bankyň dolandyryş guramasy:

  • - Bankyň paýdarlarynyň umumy ýygnagy;
  • - Bankyň Gözegçilik geňeşi;
  • - Bankyň Müdiriýeti.

Bankyň iň ýokary dolandyryş guramasy, paýdarlaryň umumy ýygnagy. Bankyň Gözegçilik geňeşi, müdiriýetiň alyp barýan işine gözegçiligi amala aşyrýar, aýratyn jogapkärçilikli hojalyk şertnamalaryny baglaşmaga rugsat berýär we bankyň Tertipnamasynda göz öňüne tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär. Bankyň Müdiriýeti bankyň gündelik işini ýerine ýetiriji gurama, bankyň Tetipnamasy we umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanan içerki resmi kagyzlary esasynda hereket edýär.

Paýdarlarynyň umumy sany aşakdakylardan ybarat:

  • 1. Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi - maýalyk gorunda paýy 99%.
  • 2. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy - maýalyk gorunda paýy 1%.